14-nji noýabrda bütin dünýäde süýjüli diabete garşy göreşmek güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde we Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda «Süýjüli diabetiň döwrebap nukdaýnazarlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Maslahatda uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň birnäçesiniň çykyşlary, hususan-da, «Süýjüli diabetiň 2-nji görnüşinde GKP-1 reseptorlarynyň agonistleri bilen bejergi», «Insulin pompasynyň ähmiýeti», «Süýjüli diabetli näsaglarda sütün öýjükler bilen bejergi», «Süýjüli diabetiň gaýraüzülmeleriniň döwrebap bejergileri», «Diabetiki daban sindromyny anyklaýyş we onuň häzirki zaman bejergi usullary» atly çykyşlar diňlenildi.
Bulardan başga-da, süýjüli diabet bilen utgaşyp gelýän birnäçe keselleriň geçiş aýratynlyklaryna üns berildi. Gahryman Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde görkezilýän ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň süýjüli diabetli näsaglarda glýukozany peseldiji täsiri barada gürrüň edildi.
Süýjüli diabet we göwrelilige taýýarlyk, gestasion süýjüli diabet, süýjüli diabetde kardiowaskulýar bozulmalar, süýjüli diabet we bronhial astmanyň genetiki meňzeşligi, süýjüli diabetli näsaglarda «lal» işemiýanyň geçiş aýratynlygy baradaky çykyşlaryň dowamynda diňleýjiler bilen sowal-jogap alşyldy.
