Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän žurnal giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Bu barada TDH habar berdi.
Nobatdaky neşir täze açyşlara, medeniýet ulgamynda, halkymyzyň ruhy mirasy babatda, şol sanda golýazma, dil, edebiýat, taryh ylymlaryny ösdürmek boýunça geçirilen gözlegleriň netijelerine bagyşlanan makalalary okyjylara ýetirýär.
Neşiriň «Täze ylmy açyşlar» bölümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäriniň “Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diliniň taryhynyň öwrenilişi” atly makalasy bilen açylýar.
Žurnalyň «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi «Görogly» şadessany we nusgawy şahyrlaryň gahrymançylykly dessanlary» atly makala bilen başlanýar. Onda kyssanyň, şygryýetiň we aýdym-saz sungatynyň sazlaşygynyň esasynda kemala gelen dessanlaryň ynsanyň ruhuny baýlaşdyrmakda, estetiki islegini kanagatlandyrmakda möhüm çeşmedigi bellenilýär.
XVIII asyrda meşhur bolup başlan dessanlar türkmen edebiýatynyň söýgi we gahrymançylyk mazmunly halk gahrymanlarynyň, rowaýatlarynyň nesilden-nesle geçirilmegini özünde jemleýän epos žanrydyr. Olaryň halk içinde has tanalýanlary «Ýusup-Züleýha», «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun» dessanlarydyr. Halk aýtgylarynyň has-da kämilleşdirilip, ösdürilmeginiň netijesinde «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlar döräpdir. «Görogly» eposy öz batyr nökerleri bilen Watanyň azatlygynyň, abraý-mertebesiniň ugrunda duşmanlara garşy göreşen ruhubelent, adalatly, ugurtapyjy söweşjeň ýigit baradaky halk rowaýatydyr.
Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlaryň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.
