Türkiýede türki döwletleriň raýatlarynyň iş bilen üpjün edilmegi üçin türk raýatlygynyň hökmany bolmagyny talap edýän düzgün ýatyryldy – diýip, TRT Russian habar berýär. Türkiýäniň prezidentiniň permanynyň güýje girmegi bilen, türki ýurtlaryň raýatlaryna döwlet we hususy edaralarda erkin işlemegine hem-de belli bir hünär bilen meşgullanmagyna rugsat berilýär. Bu düzgün ýaragly güýçlerde we howpsuzlyk düzümlerinde işe ýerleşmäge degişli däldir.
Täze düzgünleşdirmä laýyklykda türki daşary ýurt raýatlary Türkiýäniň kanunçylygynyň hünär talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýynda zähmet işi bilen meşgullanmak üçin rugsatnama alyp bilerler. Rugsatnamalaryň berilmegi boýunça çözgütleri Türkiýäniň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrligi içeri işler we daşary işler ministrlikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup kabul edýär.
Rugsatnama alan daşary ýurt raýatlary Türkiýäniň raýatlary bilen deň derejede hünär birleşiklerine agza hökmünde hasaba durmaly bolarlar, şunda olar şol birleşikleriň agzalarynyň ähli hukuklaryndan peýdalanyp bilerler. Şol bir wagtda, bu permanda syýasy hukuklaryň muňa degişli däldigi nygtalýar — olar saýlawlara gatnaşyp ýa-da hünär birleşikleriniň ýolbaşçy düzümlerine saýlanyp bilmeýärler.
Kanunyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi degişli ministrlikleriň üstüne ýüklenýär, onuň anyk ýerine ýetiriliş tertibi bolsa prezidentiň aýratyn karary bilen kesgitlener.
