Türkmenistandan 56 müňden gowrak talyp Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde aýtdy.
Ol: «Türkmenistandan 56,000-den gowrak talyp Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetine türkmenistanly dalaşgärlere kwota berendigi üçin minnetdarlygymy bildiresim gelýär» diýip belledi.
Wise-premýer 1800-den gowrak okuwçysy bolan Aşgabatdaky Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň üstünlikli işini belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda rus dilinde okadýan onlarça orta mekdep bar we ýurtdaky ähli umumybilim berýän orta mekdeplerde rus dili öwredilýär.
N.Atagulyýew Russiýanyň Astrahan sebitinde gurlan, türkmen dili öwredilýän Magtymguly adyndaky orta mekdebi hem agzady.
«Biz bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin görülýän çärelere ýokary baha berýäris» diýip, wise-premýer belledi.
