Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy protokol boýunça kömekçi/terjimeçi wezipesine dalaşgärlerden arza kabul edilýändigini habar berýär. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde bildiriş berilýär.
Dalaşgärlerden talap edilýänler: ýokary bilim (bakalawr derejesi), esasan-da halkara gatnaşyklary, syýasat ylymlary, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk ýa-da iňlis dili ugurlaryna artykmaçlyk berilýär. Iňlis dilinden rus diline we tersine terjime etmek boýunça şahadatnamanyň bolmagy has makul görülýär;
Ýazmaça we dilden terjime etmek boýunça azyndan 3 ýyl iş tejribesi, diplomatik wekilhanalarda ýa-da halkara guramalarda işlemek tejribesi ileri tutulýar.
Dalaşgär iňlis, türkmen we rus dillerini erkin ýazyp hem-de dilden bilmelidir. Hukuk güýji bolan sürüjilik şahadatnamasy we azyndan 5 ýyl sürüjilik tejribesiniň bolmagy hökmanydyr.
Dalaşgärde bolmaly hünär we şahsy aýratynlyklar: tehniki terjime boýunça ýöriteleşen ukyp- başarnyklary, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, senagat, ylym, medeniýet we jemgyýetçilik ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri bilen, şeýle hem diplomatik korpus bilen aragatnaşyk saklamak ukyby bolmaly.
Dalaşgäriň başyny başlaýjylyk, sabyrlylyk, jikme-jiklige üns bermek, diplomatik sypaýyçylyk ýaly şahsy häsiýetleri bolmaly. Ýokarda görkezilen üç dilde resminamalary çalt taýýarlamak ukyby, kompýuter we tekst redaktorlaryny ýokary derejede ulanmak başarnygy bolmalydyr.
Dalaşgär kabul edýän ýurduň protokol kadalaryny, etiketiň düzgünlerini we Türkmenistanyň jemgyýetçilik gymmatlyklaryny doly bilmelidir.
Deslapky saýlama tapgyryndan geçen dalaşgärler synag we söhbetdeşlik üçin çagyrylar. Zähmet haky dalaşgäriň hünär derejesine görä kesgitlenip, bazar şertlerine laýyklykda bellener.
Gyzyklanma bildirýänler öz rezýumelerini Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna şu salgy boýunça iberip bilerler: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk köçesi, 4/1, Telefon: (993-12) 48-21-31 ýa-da elektron-poçta: Ashgabat1947@proton.me.
