Türkmenistanda emeli aň, IT we blokçeýn tehnologiýalary boýunça ýurduň birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip düzülýär.
Bu barada 23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan ýurduň bilim işgärleriniň maslahatynda aýdyldy.
Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty Maksat Çüriýewiň çykyşy emeli aňy bilim ulgamynda peýdalanmagyň meseleleri, bu ugurda gazanylan oňyn tejribeler barada boldy.
Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlary emeli aň, IT we blokçeýn tehnologiýalary boýunça taýýarlamak baradaky görkezmeleri esasynda ýurduň birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip düzülýär.
Olar ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, bazar ykdysadyýetiniň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
