Turkmenportal logo
23.08.25
2382523825
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Syýahat gämisiniň ýolagçylary gowrulan towuk üçin gohlaşdylar
Surat: Focus.ua

«Carnival Cruises» kompaniýasynyň syýahatçylyk gämisiniň ýolagçylary gowrulan towuk etiniň üstünde dawalaşyp, köpçülikleýin ýakalaşdylar. Wakanyň wideosyny «The New York Post» çap etdi diýip, «rg.ru» ýazýar.


Wideoşekillerde onlarça adamyň bir-birine gygyryşyp, günortanlyk nahary wagtynda ýaka tutuşýandyklary görünýär. Olar towuk etleri gowrulýan griliň ýanynda durlar. Goragçylaryň birnäçesi olary aralamakçy bolýarlar, emma jedelleşýän ýolagçylar birek-birege aýakgaplaryny zyňmaga başlaýarlar. «Sunshine» gämisi häzir ABŞ-nyň Maýami şäherine geldi, ol syýahatyň pellehanasy diýip, habarda bellenýär.