Daşoguz welaýatynda bakja ekinlerinden bol hasyl alynýar. Şeýlelikde, häzirki güne çenli Şabat etrabynda 240 gektar meýdandan 4 796 tonna bakja önümi ýygnaldy. Akdepe we Ruhubelent etraplarynda bolsa bakja ekinleri 800 gektara ekilip, ondan 32 müň tonnadan gowrak gawun we garpyz ýygnamak meýilleşdirilýär — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Umuman, Daşoguz welaýatynda bakja önümleriniň taýýarlanylyşy boýunça meýilnama takmynan 75 müň tonna möçberinde kesgitlenendir.
Türkmenistanyň demirgazyk sebiti hemişe ekerançylyk däpleri bilen tanalýar, bakja önümleriniň öndürilmegi bolsa onuň oba hojalyk pudagynyň möhüm düzüm bölegidir. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän garpyzlar, gawunlar, kädiler we beýleki ekinleri ajaýyp datly tagamlylygy bilen tapawutlanýar.
