Turkmenportal logo
10.08.25
4458144581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belawiýa» 11-nji awgustdan Minsk bilen Türkmenbaşynyň arasynda göni uçuşlary dowam etdirer

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy 11-nji awgustdan Balkanabat şäheriniň ýerine Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryny dowam etdirer.


Uçuşlar hepdede üç gezek — duşenbe, sişenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar. 11-nji awgustdan Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň peteklerini awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satyn alyp bilersiňiz.


Şu ýylyň 20-nji maýyndan bäri «Belawiýa» Minsk — Balkanabat ugrunda uçuşlary amala aşyrýar. Indi bolsa awiakompaniýa uçuşlary Türkmenbaşy şäherine ugrukdyrýar.