Turkmenportal logo
01.08.25
3353533535
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugy

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda «Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.


28-29-njy iýul aralygynda geçirilen halkara okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.


Bu okuw maslahatynyň çäklerinde konteýnerlerde ýük daşamagyň hukuk binýadyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. Döwlet gümrük gullugynyň gümrük edaralarynda bu ugurda döredilen şertler, halkara söwdany ösdürmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.


Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar.