Bu guşlar gaty owadan görünýärler: olaryň gelşikli, açyk gök, ýaşyl, sary reňk öwüşginleri bolýar. Ganatlary we guýrugy uzyn, gursagy sary, gözüniň gapdalynda gara zolak bolýar. Tanyş boluň, bu guş Türkmenistanyň Hazar döwlet tebigy goraghanasynda duş gelýän daraklykdyr.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Esenguly meýdançasyndaky Delili kölüniň töwereginde mör-möjekler köp bolansoň, ol ýerlerde ýaşyl daraklyga köp duş gelinýär diýip, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Daraklyga tomus we güýz pasyllarynda, esasanam, Hazaryň kenar ýakalarynda, dagyň depesinde uçup ýören wagty duş gelmek bolýar.

Olar köpeljek wagty topar bolup uçup, beýik gaýalara tarap çekilýärler we höwürtge ýasamak üçin ýarçykly, köwekli ýerleri saýlap alýarlar. Ikibada olar çünkleri bilen höwürtge ýasanjak ýerlerini köwüp deşýärler, soňundan içine girip gazýarlar. Üýşen topragy bolsa, aýaklary bilen daşyna çykarýarlar. Ony gurmak üçin 10-15 gün gerek bolýar. Höwürtgäni ýasap gutaransoň mäkiýan guş üç-bäş sany togalagrak ak ýumurtga guzlaýar. Ol ilkinji ýumurtgany guzlanandan basyp oturýar, horazy bolsa oňa iýmit daşaýar. 20-21 günden ýumurtgadan ilkinji jüýje çykyp başlaýar.
Daraklyk guşlary mör-möjekleri iýip, ekerançylyga uly peýda getirýärler, ýöne balçylykda bal arylaryny iýip, zyýan edýän wagtlary hem bolýar. Şol sebäpli bal arysy saklanýan ýerlerde olary awlamaga rugsat berlendir diýlip, habarda bellenilýär.
