Daşoguz welaýatda geçen ýyl ulanmaga berlen täze asfalt zawody ýerli çig mal esasynda işleýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, asfalt garyndysyny taýýarlamak üçin zerur bolan çägeli daş Boldumsaz etrabynyň käninden getirilýär, bitum bolsa Balkan welaýatyndan alnyp gelinýär.
Bu zawod sagatda 240 tonna önümçilik kuwwatyna eýedir. Bu ýerde her ýyl dürli maksatly täze ýollaryň gurluşygy we bar bolanlarynyň täzeden gurluşygy boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Täze zawod ýol örtügine zerur bolan asfaltyň ýokary hilini üpjün edýän ýokary tehnologiýaly önümçilik bolup durýar. Ol biri-biri bilen sazlaşykly işleýän we Germaniýada öndürilen dürli enjamlar bilen üpjün edilen toplumdan ybaratdyr.
Welaýatda şäherleriň we obalaryň doly derejeli ýol-ulag infrastrukturasyny üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Ulag aragatnaşygyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak derejesini, ykdysady ösüş depginini hem-de ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegini göz öňünde tutup yzygiderli amala aşyrylýar diýlip, habarda bellenilýär.
