Türkmenistanyň türgenleri kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda Almatyda geçen Aziýanyň kubogunda ýedi medal gazandylar. Türkmen dzýudoçylary üç kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda Medine Oraznyýazowa (57 kg-a çenli), Agajan Aýhanow (81 kg-a çenli) we Baýmyrat Majanow (100 kg-a çenli) kümüş medal gazandylar. Bürünç medallary Nuriýa Pardaýewa we Gurbanaý Gurbanowa (ikisi hem 48 kg-a çenli), şeýle hem Oguljan Ruslanowa (70 kg-a çenli) gazandylar.
Kadetleriň arasyndaky ýaryşda 48 kg-a çenli agram derejesinde Käkilik Derýaýewa bürünç medal gazandy.

Türkmenistanyň dzýudo boýunça zenanlar milli ýygyndysynyň ýaryşlara taýýarlyk işi tälimçiler Gülbadam Babamuratowanyň we Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Erkekler toparynyň türgenleri öz sport ussatlyklaryny tälimçi Yhlas Setdarowyň ýolbaşçylygynda kämilleşdirýärler.
Dzýudo boýunça Aziýanyň kubogy 11 ýurtdan 785 türgeni bir ýere jemledi: oňa Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dzýudoçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň topary 31 dzýudoçynyň düzüminde bu halkara ýaryşa wekilçilik etdi.
