Turkmenportal logo
28.06.25
2188121881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar
Türkmenistan ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.



Duşuşygyň dowamynda taraplar nebit-gaz we gaz-himiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, elektrik energiýasy, ekologiýa ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ähmiýeti nygtaldy.


Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.