12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy ilkinji gezek Singapurda geçiriljek Aziýanyň topar çempionatynyň final tapgyryna (ATF 12U Team Competition) çykdy. Türkmen türgenleri bu ýollanmany Özbegistanyň Fergana şäherinde geçen Merkezi Aziýa çempionatynda gazandylar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.
Ýaryşa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň toparlary gatnaşdylar. Soňky tapgyrda çykyş etmek hukugyny iň gowy iki milli ýygyndy gazandy.
Türkmenistanyň zenanlar toparyna Näzli Hudaýgulyýewa, Sähra Garahanowa we Sülgün Işangulyýewa wekilçilik etdi. Olaryň üçüsi hem toparyň kapitanynyň wezipesini ýerine ýetirýän Ýuriý Rоgusskiýniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.
Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen aýgytlaýjy oýunda türkmen tennisçileri ynam bilen çykyş etdiler. Sähra Garahanowa ilkinji ýekelikdäki duşuşygynda Aliýa Mansurowany 6:0, 6:1 hasaby bilen ýeňdi. Näzli Hudaýgulyýewa bolsa ikinji duşuşykda Aýda Abduwaliýewany 6:0, 6:0 hasaby bilen ýeňdi. Sülgün Işangulyýewa we Näzli Hudaýgulyýewa iki bolup oýnamakda Mansurowa/Abduwalýewa jübütinden ybarat bolan garşydaşlaryny 6:1, 6:0 hasaby bilen ýeňdiler.
Şeýlelik bilen, duşuşygyň jemi hasaby Türkmenistanyň peýdasyna 3:0 boldy. Türkmen ýygyndysy diňe çempion bolan Gazagystanyň milli ýygyndysyndan ýeňlip, ýaryşyň kümüş medallaryny gazandy.
Ýunus Annamyradowdan, Ýegenmämmet Nurýagdyýewden we Erkin Altyýewden ybarat bolan 12 ýaşa çenli Türkmenistanyň erkekler milli ýygyndysy hem bu ýaryşda baýraksyz galmagy. Soňky tapgyrda Gyrgyzystanyň toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňip, Miraly Gasanowyň şägirtleri bürünç medaly gazandylar. Ilkinji iki ýeri degişlilikde Gazagystanyň we Özbegistanyň tennisçileri eýeledi.
Bu Türkmenistanyň tennisiniň çagalar ýaryşlaryndaky ikinji uly üstünligidir. Iki ýyl mundan ozal Ýuriý Rоgusskiýniň ýolbaşçylygyndaky 12 ýaşa çenli erkekler topary ilkinji gezek Aziýa çempionatynyň soňky tapgyryna çykyp, Özbegistanyň milli ýygyndysyny ynamly ýeňmegi başarypdy.
