Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin awgustyň ahyrynda – sentýabryň başynda Hytaýda dört günlük saparda bolar. Bu barada Prezidentiň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow ýurduň «WGTRK» teleýaýlymynyň žurnalisti Pawel Zarubin bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «Rambler.ru» habar berdi.
Ýagny Uşakow rus Lideriniň 31-nji awgust – 3-nji sentýabr aralygynda Hytaýda bolmagy barada sowala tassyklaýjy jogap berdi. Prezidentiň kömekçisiniň sözlerine görä, bu Putiniň seýrek bolýan uzak wagtlyk sapary bolar.
