Turkmenportal logo
10.04.25
2516025160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan özbek almasyny satyn almakda üçlüge girdi
Surat: Stat.uz

Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistandan iň köp alma import eden döwletleriň biri boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.


Hasabat döwründe Özbegistan türkmen bazaryna 148,6 tonna alma eksport edipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtdan alma satyn almakda ilkinji üçlükden orun aldy. Bu ugurda sanawyň öňdäki orunlary Russiýa (1 müň 20 tonna) hem-de Gazagystana (341,4 tonna) degişli.


Ýeri gelende bellesek, Özbegistan şu ýylyň iki aýynda umumy bahasy 934 müň amerikan dollaryna deň bolan 1,5 müň tonna alma eksport edip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 esse köpdür.