Turkmenportal logo
28.02.25
2638626386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan – Lýuksemburg: hokkeý boýunça ýaşlaryň arasynda Dünýä Çempionatyny göni ýaýlym

Şu gün, 28-nji fewralda, Bangkokda "B" toparynýň üçünji diwizionynda hokkeý boýunça ýaşlaryň arasynda Dünýä Çempionatynyň 1-nji aýlawynyň duşuşygy geçiriler, onda Türkmenistanyň ýygyndysy (U-18) Lýuksemburgyň topary bilen duşuar. Duşuşygyň başlangyjy Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da meýilleşdirilýär.


Janköýerler oýuny Halkara şaýbaly hokkeý federasiýasynyň resmi YouTube kanalynda göni ýaýlymda görüp bilerler.


Bäsleşik 28-nji fewraldan 6-njy marta çenli Taýlandda geçiriler. Lýuksemburgdan başga-da, türkmen hokkeýçileri Taýland, Bosniýa, Özbegistan we GFR ýygyndylary bilen duşuşarlar.


Türkmen topary buza baş tälimçi Meýlis Kulyýewiň ýolbaşçylygynda çykar.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümi:


Derwezeçiler: Armen Mowsesýan, Oraz Jepbarow


Goragçylar: Serdarmyrat Ýollyýew, Aýmyrat Amanmedow, Perman Şamuhammedow, Kyýas Ustaýew, Rustam Omurow, Nuraly Rejepow, Yhlas Seýitliýew


Hüjümçiler: Sultanhamit Wahitow, Şöhrat Begliýew, Meretgeldi Kakaýew, Iskenderhan Durdyýew, Röwşen Arçaýew, Aga Annamyradow, Daýanç Batyrow, Hezretali Mammedow, Elfat Agadadaýew, Bahtyýar Bäşimow.