Turkmenportal logo
15.12.24
2372823728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Garri Potteriň dünýäsi» atly konsert geçiriler

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Garri Potteriň syrly dünýäsine bagyşlanan konserte çagyrýar.


Sazandalar köpleriň halaýan aýdym-sazy, wizual effektleri we ýakymly täsinlikleri arkaly ýaş jadygöýiň hem-de onuň dostlarynyň dünýäsine gyzykly syýahaty kepillendirýärler.


Konsert 30-njy dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 19:00-da başlaýar.


Petek bilen bagly soraglar üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 55 90 15; +993 62 53 28 71.