Turkmenportal logo
16.11.24
2713827138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2024-nji ýylyň iň meşhur açar sözleri belli edildi

«NordPass» açar sözleriň menejeri 2024-nji ýylda internet ulanyjylar tarapyndan köp ulanylýan iň meşhur açar sözleriň (parollaryň) 200-siniň sanawyny çap etdi. Sanawy geçen ýyldaky ýaly, ýene-de «123456» çekdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Ilkinji onluga «123456789», «12345678», «password», «qwerty123», «qwerty1», «111111», «12345», «secret» we «123123» açar sözleri girdi. Hünärmenleriň pikirine görä, olaryň islendigini «döwmek» üçin bir sekuntdan hem az wagt ýeterlikdir.


Sanawy düzmek üçin hünärmenler açyk çeşmelerdäki 2,5 terabaýtlyk maglumatlary we darknetdäki elýeterli bolan habarlary öwrendiler.