Turkmenportal logo
25.05.24
1560015600
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan edildi

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisinde Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Hökümet baştutanlary Bedenterbiýe we sport geňeşine başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.


Türkmenistanyň dürli sport görnüşlerinde möhüm çäreleri yzygiderli başlaýandygyny we gurnaýandygyny bellemelidiris. Şeýle-de Arkalaşygyň hyzmatdaşlarynyň soňky ýyllarda türkmen sportuna gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklaýar.