Turkmenportal logo
26.02.24
1844318443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebitmaş» DK ýokary hilli iş eşiklerini tikmek hyzmatlaryny hödürleýär

Nebitgaz we elektroenergetika pudaklary üçin zerur bolan enjamlary öndüriji hökmünde tanalýan «Nebitmaş» döwlet kärhanasy 2021-nji ýyldan bäri täze önümçilik ugruny — senagat we gurluşyk zerurlyklary üçin iş eşikleriniň tikinçiligini netijeli ösdürýär.


Bu günki günde kärhana kurtkalar, buşlatlar, jalbarlar ýaly ýokary hilli iş eşikleriniň köp sanly görnüşlerini, şeýle hem dürli ululykdaky ýorgan-düşek daşlyklaryny hödürleýär.


«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň iş eşikleri berkligi we uzak möhlete hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýar. Olar daş görnüşini hem-de aýratynlyklaryny ýitirmezden, güýçli ýüklere we agyrlyklara çydamly bolýar.


Iş eşikleriniň nusgalary dürli iş-hünärleriň özüne mahsus aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, iş wagtynda rahatlygy we oňaýlylygy üpjün edýär.


Iş eşiklerini öndürmekden başga-da, kärhana şulary hödürleýär:


  • süýşýän tirkeg jaýlaryny öndürmek: nebitçiler üçin ähli zerur zatlar bilen enjamlaşdyrylan jaý;
  • kondisionirleme ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary oturtmak hem-de abatlamak işleri: senagat we ýaşaýyş jaýlarynda laýyk derejedäki mikroklimaty döretmek hem-de goldamak;
  • demir ýasamak we kebşirlemek we beýleki hyzmatlar.

«Nebitmaş» DK şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý.


Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.


Şeýle-de okaň: