Turkmenportal logo
08.02.24
2580325803
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa Kubogynyň finalynda Kataryň we Iordaniýanyň ýygyndylary güýç synanyşarlar

Aziýa Kubogynyň ýarym final tapgyrynda Kataryň milli ýygyndysy Eýrany 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleriniň düzüminde gollara Jassem Abdulsallam (17), Akram Afif (43) hem-de Ali Almoez (82) awtorlyk etdiler. Eýranyň düzüminde bolsa Serdar Azmun (4) we Alireza Jahanbahş (51, penalti) tapawutlandy.


Şeýlelikde, 10-njy fewralda boljak final oýnunda Kataryň we Iordaniýanyň ýygyndylary yklymyň çempionlygy üçin meýdança çykarlar.