Turkmenportal logo
03.02.24
3721937219
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi.


2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, gürrüňdeşligiň çäklerinde R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bişkek şäherinde ýylylyk elektrik bekedinde bolan hadysa zerarly türkmen tarapynyň Gyrgyz


Respublikasyna suwuklandyrylan gaz ugratmak arkaly ynsanperwer kömegini berjekdigi barada habar berdi.


Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagy ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär


Şeýle-de okaň: