Turkmenportal logo
03.02.24
3239132391
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy muzdsuz iberer

«Türkmengaz» döwlet konserni 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen kabul edildi.