Dartgynlylygyňy, göwnüçökgünligiňi aýyrmak üçin dalçyny nähili görnüşde demlemelidigi barada dietolog-lukman Anna Belousowa gürrüň berdi diýip, Vse42.ru web saýty habar berýär.
Dalçyn köşeşdiriji täsire eýe bolan efir ýaglaryny özünde jemleýär. Mundan başga-da, onuň ysy bişýän çöregiň ysyny berýär, bu hem adamy rahatlandyrýar.
Dalçynly içgini taýýarlamak üçin bu ýakymly ysly ösümligi ýyly suwda gaýnatmaly (doly gaýnamadyk ýa-da azajyk sowadylan). Şeýle hem içgä sedra, zenjebil, wanil ýa-da gwozdika ýaly beýleki ýakymly ysly goşundylary goşmak bolýar.
Şeýle-de bolsa, dalçynyň damarlaryň tonusyny artdyryp bilýändigini ýatdan çykarmaly däldir, şonuň üçin ýürek we damar keselleri bolan adamlar ony ortaça, çäklendirilen mukdarda kabul etmelidir. Gan basyşy durnuksyz bolan adamlara hem örän gowy suwuklandyrylan içgiden başlamak maslahat berilýär.

