Turkmenportal logo
16.01.24
1973819738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ilçisi Astana şäher häkimliginde Magtymgulynyň heýkelini gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Astana şäheriniň häkiminiň orunbasary Eset Berikul bilen duşuşdy. Duşuşykda ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklara laýyklykda, Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.


2024-nji ýylda Türkmenistanda we bütin dünýäde görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýär. Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjak bu ýylda Astanada Magtymgulynyň heýkeliniň gurulmagynyň ähmiýetini belläp geçdi.


Duşuşykda taslamany durmuşa geçirmegiň jikme-jiklikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki meýilnamalar hem-de ädimler beýan edildi. Taraplar heýkeli oturtmak boýunça soňraky bilelikdäki çäreleri kesgitlemek üçin mundan beýläkki maslahatlaryň möhümdigini aýtdylar.