Turkmenportal logo
23.12.23
3482334823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi we şol toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün — 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we bu ugurda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.