Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we beýleki meselelere garaldy.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, şeýle hem pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Döwlet Baştutany täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi.
— Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilmelidir — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, resminamalaryň taslamalary, öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarlar barada aýdyp, şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, gelip gowşan hoş habarlar barada aýtdy we hemmeleri Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen gutlady.