Turkmenportal logo
26.10.23
2037020370
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy ― 2023/24: «Altyn asyr» ilkinji ýeňşini gazandy

AFK-nyň kubogynyň üçünji tapgyrynda Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň Marynyň «Merwini» 2:1 hasabynda ýeňdi.


«Merw» 60-njy minutda Kemal Annamuhammedowyň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligi duşuşygyň ahyryna çenli gorap bilmedi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 6 minut galanda Rahman Myratberdiýew, birnäçe minut soňra bolsa Selim Nurmyradow tapawutlanyp, «Altyn asyra» ýeňiş getirdiler.


Üçünji tapgyrda myhmançylykda «Rawşany» ýeňen «Abdyş-Ata» 7 gol bilen «E» toparçanyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Altyn asyryň» 4, «Merw» bilen «Rawşanyň» bolsa 2 utugy bar.