Turkmenportal logo
13.08.23
3007630076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu «Al-Nasrda» ilkinji kubogyny gazandy

«Al-Nasr» futbol kluby Arap Çempionlar Kubogynyň final duşuşygynda goşmaça wagtdan soň «Al-Hilal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Saud Arabystanynyň Taif şäherinde geçirildi, klublaryň ikisi hem bu ýurduň çempionatynda oýnaýar.


Ýeňiji toparyň düzüminde gollaryň ikisini hem Kriştianu Ronaldu geçirdi (74-nji we 98-nji minutlar). «Al-Hilaldan» ýeke-täk goly Mikael geçirdi (51). 115-nji minutda Ronaldu dyzyndan şikes alandygy sebäpli çalşyryldy.


Ronaldu ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Hüjümçi alty oýunda alty gol geçirdi.


Portugaliýaly oýunçy karýerasyndaky 35-nji topar kubogyny aldy we 2021-nji ýylyň maý aýynda “Ýuwentusyň” düzüminde Italiýanyň Kubogynda ýeňiş gazanany bäri ilkinji kubogyny aldy.


"Al-Nasr" taryhda ilkinji gezek Arap Çempionlar Kubogynda ýeňiş gazandy.
Arap Çempionlar Kubogy 1981-nji ýyldan bäri geçirilýär. Geçen ýaryşyň ýeňijisi häzirki bäsleşigiň çärýek finalynda "Al-Nasr"-dan utulan (1: 3) marokkoly "Raja" bolupdy.