Turkmenportal logo
31.07.23
165251165251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
1-nji awgustdan «Älem TV» teleýaýlym bukjalarynyň bahasy arzanladylar
1-nji awgustdan «Älem TV» teleýaýlym bukjalarynyň bahasy arzanladylar

«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň «Älem TV» emeli hemra telewideniýe operatory 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, ýetirilýän teleýaýlymlaryň bukjalarynyň bahasynyň arzanladylýandygyny habar berýär.


Bu üýtgetmeleriň girizilmegi bilen «40+» (50 teleýaýlym bir enjam üçin) bukjasynyň bahasy bir aýyna 10 manat, «240+» (240 teleýaýlymdan gowrak bir enjam üçin) bukjasynyň bahasy bolsa 25 manat bolar.


«Älem TV» hyzmatyny birikdirmek ýa-da ozal saýlanyp alnan nyrh meýilnamasyny üýtgetmek isleýän raýatlar «Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň bölümlerine ýüz tutup bilerler.


Has giňişleýin maglumat almak üçin «Türkmentelekomyň» müşderilerine şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak maslahat berilýär: (+993 65) 01 99 98, (+993 65) 31 78 87, (+993 61) 85 94 99.