«Iş Nokady» hojalyk jemgyýeti we «Coddy» çagalaryň halkara programmirleme mekdebi okuwçylary robototehnika okuwlaryna çagyrýarlar.
Bu okuwlarda öwrenijiler häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň we kompýuter innowasiýalarynyň kömegi bilen robotlary özbaşdak işläp taýýarlamagy we programmirlemegi, konsepsiýalary hem-de dizaýny işläp düzmegi öwrenerler, özleriniň analitiki we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we toparlaýyn işlemegi öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Okuw maksatnamasy «ýönekeýden çylşyrymla» ýörelgesi boýunça, ýagny robototehnikanyň esaslaryndan başlap, roboty özbaşdak düzmäge we ideýaňy amaly görnüşde ýerine ýetirmäge çenli yzygiderlilikde guralandyr.
«Coddy» programmirleme mekdebinde okuwlar gyzyklanma bildirýän we döredijilige islegi bolan 7 ýaşly we şondan uly çagalar üçin geçirilýär. Okuwlara ýazylmaga isleg birdirýänler şu salgylanma arkaly hasaba alnyp, şeýle-de (+993 63) 47 11 92 we (+993 63) 42 67 51 telefon belgilerine jaň edip ýazylyp bilerler.
Şeýle-de okaň: