Turkmenportal logo
25.02.23
3429934299
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban Berdiýewiň «Soçisi» Türkiýedäki duşuşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazandy
Photo: match.tv

«Soçiniň» futbolçylary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda 24-nji fewral güni Türkiýede iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Soçililer olaryň ilkinjisinde «Himkini» 2:0, ikinjisinde «Baltikany» 1:0 hasabynda ýeňdiler.


Şeýle hem «Soçi» bu ýerde 18-nji fewralda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda «Fakeli» 4:2, 21-nji fewralda «Akrony» 3:1 hasabynda ýeňdi.


Gurban Berdiýew «barslaryň» tälimçisi wezipesinde geçen ýylyň ahyryndan bäri işläp gelýär.


«Soçi» Russiýanyň Premýer ligasynyň yzda galan 17 tapgyrynda 25 utuk toplap, ýaryş tertibinde dokuzynjy orny eýeleýär.


RPL-niň ikinji aýlawyna 3-nji martda badalga berler.