Turkmenportal logo
27.01.23
4464744647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şweýsariýada howa şarlarynyň festiwaly geçýär
Şweýsariýada howa şarlarynyň festiwaly geçýärSurat: etot-prazdnik.ru

Şweýsariýada howa şarlarynyň festiwaly gyzgalaňly dowam edýär. Oňa dünýäniň 15 ýurdundan aerostatlaryň 6-sy gatnaşýar diýip, «Habar 24» ýazýar.


Alp daglarynda howada uçujylar üçin bu esasy waka eýýäm 40 ýyl bäri geçirilýär. Gyşyň hut şu döwründe Alplarda iň arassa howa höküm sürýär diýlip hasap edilýär. Mundan biraz öň bu festiwal güýçli şemal sebäpli şu günlere süýşürildi. Adaty bolmadyk göwrümdäki we reňklerdäki howa şarlaryndan başga-da, festiwalyň myhmanlarynyň şowhunly maksatnamalar bilen hem göwünlerini açýarlar.