Turkmenportal logo
17.01.23
5537355373
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hukuk meseleleri boýunça Maryda raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

Mary welaýat adalat bölümi 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda welaýat adalat bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli welaýat adalat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň jogapkär işgärleriniň we Mary şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň, welaýat häkimliginiň wekiliniň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini geçirýär. Bu barada «Maru-Şahu Jahan» gazeti habar berýär.


Kabul edişlik Mary şäheriniň Gökdepe köçesiniň 4-nji jaýynda sagat 10:00-da başlanýar.


Ozal habar berişimiz ýaly, Aşgabatda 21-nji ýanwarda, sagat 9:00-dan 12:00-a çenli, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda raýatlary kanuny meseleler boýunça kabul edişlik bolar.