Turkmenportal logo
30.12.22
6437164371
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pele aradan çykdy

Futbolyň şasy Pele birnäçe minut mundan öň 82 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «Associated Press» neşiri habar berdi.


Pele 30-njy noýabr güni umumy çiş we ýürek ýetmezçiligi bilen garaşylmadyk ýagdaýda San-Paulu şäherindäki keselhana ýerleşdirildi. Soňlugy bilen bolsa onuň bedeni himiýabejergilere jogap berip bilmedi.


Ozalky futbolçynyň gyzlarynyň sözlerine görä, Pele koronawirus pandemiýasy sebäpli öýken operasiýasyny hem geçiripdi.