Turkmenportal logo
28.12.22
2560625606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan futbol duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam etdirýär

Türkmen telewideniýesiniň «Sport» teleýaýlymy Angliýanyň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň futbol çempionatlaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp bermegini dowam etdirýär.


28-nji dekabr ― 1-nji ýanwar aralygynda teleýaýlym 14 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezmegi meýilleşdirýär. Olaryň sanawy bilen şu salgydan tanyş bolup bilersiňiz.


«Sport» teleýaýlymynyň 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan işe girizilendigini ýatladýarys.