Turkmenportal logo
13.09.22
4112141121
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň web saýty ähli zerur maglumatlary ýetirýär

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi dürli derejeler boýunça sürüjileriň taýýarlanylyşy we gaýtadan taýýarlanylyşy baradaky täzeliklerden habarly bolmak, şeýle-de uzak aralykdan ýetirilýän hyzmatlardan onlaýn peýdalanmak üçin gyzyklanma bildirýän raýatlary resmi web saýtyndan peýdalanmaga çagyrýar.


Birleşigiň saýtyndan sürüjileriň «А», «В», «С», «D» hem-de «E» derejeler boýunça taýýarlanylyşynyň we gaýtadan taýýarlanylyşynyň okuwlarynyň nyrhnamalary bilen tanyşmak, internet arkaly bu okuwlara ýazylmak ýa-da planşet test barlaglaryny geçmek (hökmany suratda hasaba alynmaly), sürüjilik okuwlaryna kabul edilişigiň golaýdaky seneleri we beýleki maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.


Mundan başga-da, web saýtyň sahypalarynda Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň ähli künjegindäki şahamçalary barada maglumatlar ýerleşdirilendir.


Şeýle-de okaň: