Turkmenportal logo
19.08.22
1466314663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Güýzde Türkmenistanda iri medeni çäreler geçiriler

Baýramçylyklara baý bolan sentýabr aýynda döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler garaşýar. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe giň gerimli dabaralaryň maksatnamasy taýýarlanylýar ― diýip, TDH ýazýar.


Sentýabr döredijilik bäsleşikleriniň, ozaly bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemleriniň jemlenýän aýydyr. Däp bolşy ýaly, körpe türkmenistanlylar «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar gözden geçirilişine gatnaşyjylar hem-de «Ýaňlan, Diýarym!» telewizion bäsleşikde öňdäki orunlary eýelänler ýeňiji bolmak ugrunda bäsleşerler.


Däp bolşy ýaly, baýramçylyklara beslenen güýz pasly halkara medeni çärelere hem baý bolar. «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwaly oktýabr aýynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçiriler.


Bu halkara festiwalyň çäklerinde halk amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.