Turkmenportal logo
25.07.22
1512515125
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistany ýeňip, woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalyna çykdy
Surat: Gyrgyzystanyň woleýbol federasiýasy

Woleýbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň arasyndaky Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky oýnunda Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistany ýeňlişe sezewar etdi. Üç döw dowam eden oýun 25:18, 25:13, 25:10 hasaplarynda Türkmenistanyň ýeňşi bilen tamamlandy.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň bäsleşigiň ýarym finalyndaky garşydaşy Gazagystan-Gyrgyzystan oýnundan soňra mälim bolar.


Ýaryşyň ýarym final oýunlary 26-njy iýulda, üçünji orun üçin we final duşuşyklary bolsa 27-nji iýulda geçiriler.