Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly woleýbolçylar Bişkekde geçiriljek «Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynda» çykyş ederler

11:5222.07.2022
0
5807

Türkmenistanyň erkekler woleýbol topary «Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogy» ýaryşyna (Bişkek häkiminiň Kubogy) gatnaşar. Bu barada Gyrgyzystanyň woleýbol federasiýasyna salgylanyp, «Sport.kg» habar berýär.

Ýaryş 23-nji iýuldan 27-nji iýul aralygynda Arça-Beşik sebitindäki «Gazprom» sport toplumynda geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bäsdeşleri Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň toparlary bolar.

Duşuşyklaryň tertibi:

23-nji iýul:

  • 16:30 Türkmenistan — Gazagystan
  • 18:30 Gyrgyzstan — Özbegistan

24-nji iýul:

  • 16:30 Özbegistan — Gazagystan
  • 18:30 Ýaryşyň açylyş dabarasy
  • 19:00 Gyrgyzstan — Türkmenistan

25-nji iýul:

  • 16:30 Türkmenistan — Özbegistan
  • 18:30 Gazagystan — Gyrgyzstan

26-njy iýul:

  • 16:30 Ýarym final
  • 18:30 Ýarym final

27-nji iýul:

  • 16:30 Üçünji orun ugrunda duşuşyk
  • 18:30 Final
  • Ýaryşyň ýapylyş dabarasy
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň