Turkmenportal logo
19.07.2022
1035510355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow Gyrgyzystanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşar

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, 20-nji iýulda Çolpan-Ata şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.


Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk eder.


Bu çärä Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem gatnaşar. Olar şu ýylyň 21-nji iýulynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynyň taýýarlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.


Daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan sammitiň soňky resminamalarynyň taslamasyna hem garaljakdygy bellenildi.