Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar

17:2918.07.2022
0
9143
Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Surat: kremlin.ru

20-21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu foruma Sadyr Žaparow, Kasym-Žomart Tokaýew, Emomali Rahmon, Serdar Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew gatnaşar diýlip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

«Döwlet Baştutanlary sebitleýin howpsuzlygyň üpjün edilmeginde ýüze çykýan kynçylyklara we howplara bilelikdäki jogap hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň özara täsirini güýçlendirmek barada pikir alşarlar, sebit döwletleriniň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky medeni we ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar» – diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekjekdigi barada hem habarda beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň