Turkmenportal logo
15.07.22
6656366563
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurt diplomyny ykrar etdirmek üçin resminamalary tabşyrmaly ýeriň täze salgysy belli edildi

Daşary ýurtlarda berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijiniň III babyna laýyklykda, raýatlardan zerur resminamalar toplumyny kabul etmek işi ýüz tutýanlaryň baryp-gelip bilmekleri üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda, ýagny Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 136-njy jaýynda amala aşyrylyp başlandy.


Daşary ýurtda berlen diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.


Şeýle-de okaň: