Turkmenportal logo
10.07.22
1036310363
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Özbegistanda gulluk iş saparynda bolar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2022-nji ýylyň 12 — 14-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýruga gol çekendigi barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda geçiriljek Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, şeýle hem türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşarlar.