Turkmenportal logo
06.06.22
1723017230
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistana öz çäginden ýükleri geçirmäge rugsat berdi

Özbegistan Türkmenistanyň çäginden ýükleri daşamagyny gaýtadan ýola goýdy. Bu kararyň 1-nji iýundan güýje girendigi barada gazeta.uz web saýty respublikanyň ministrligine salgylanyp habar berýär.


Bellenilişi ýaly, bu gatnaw ugry Özbegistan bilen serhetdäki «Alat» barlag nokadyndan hem-de Eýran bilen serhetdäki «Sarahs» nokadyndan geçip, ýük awtoulaglarynyň hatary sagat 8:00-dan ýola goýulýar.


Ýolugra sürüjileriň dynç almagy, ýangyç guýmagy we olaryň hyzmatlary üçin ýörite awtoulag duralgalary üpjün edilýär.


Şeýle-de çeşme ýük gatnawlarynyň dowamynda näsazlyklaryň ýüze çykan ýagdaýynda hem-de beýleki kemçlikleriň dörän halatynda sürüjilere «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan zerur kömekleriň berilýändigini belläp geçýär.


Ozal hem bu babatda habar berşimiz ýaly, 1-nji iýundan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sarahs — Farap — Sarahs gatnaw ugry boýunça ýükleriň daşalyşy gaýtadan dikeldildi.


Serhedi diňe şu talaplary berjaý edilen ýagdaýynda geçmek mümkindir:


  • Sürüjiler ýörite sanitariýa işlerini geçirmek üçin Türkmenistandan üstaşyr geçmekde zerur bolan resminamalary hökman görkezmelidir;
  • Ulag serişdeleri sanitariýa taýdan arassalanmalydyr;
  • Serhetden geçilen mahaly COVID-19 üçin PCR testini (soňky 72 sagatdan öň alnan) ýa-da koronawirusa garşy alnan sanjymyň kepilnamasy görkezilmelidir (Soňky alnan sanjymdan 42 günden geçmedik);
  • Barlag gözegçilik nokadynda COVID-19 üçin ekspress testi geçmek.