Turkmenportal logo
16.05.22
64606460
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yrakda çägeli harasat gopdy

Yragyň käbir sebitlerini çageli harasat basdy. Bagdatda howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli howa menzili işini togtatdy diýip, TASS ýerli “Şafak nýus” täzelikler portalyna esaslanyp habar berdi.


Ýurtda awiagatnawlar doly ýatyryldy, güýçli ýel paýtagta çägeli tozan akymyny getirensoň, diňe saglygy goraýyş edaralaryndan beýleki döwlet edaralarynda iş güni däl diýlip yglan edildi. Ýagdaý Najaf, Wasit, Ed-Diwaniýa, Kerkuk we Diýala ülkelerinde hasam ýaramaz.


Çägeli harasat ýurtda öň hem bolupdy. Bu barada “belta.by” saýty ýazýar.