Turkmenportal logo
26.04.22
91979197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hazar logistik» kärhanasy hünärmenleri üçin okuw sapaklaryny we seminarlary guraýar
«Hazar logistik» kärhanasy hünärmenleri üçin okuw sapaklaryny we seminarlary guraýar

«Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasy hünärmenleriniň hünär taýýarlyk derejesine uly ähmiýet berýär. Kärhanada logistika hünärmenleri üçin degişli ugurdan bilim goruny baýlaşdyrmak we bu pudakda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek, dürli hyzmatdaş ýurtlarda iş alyp barmagyň medeniýeti bilen tanyşmak, şeýle hem ähli täzelikleri we kadalary, Türkmenistanyň kanunçylygynyň kararlaryny öz wagtynda bilmek we berjaý etmek maksady bilen, ýylda birnäçe gezek okuw sapaklary we seminarlar geçirilýär.



«Hazar logistik» kärhanasy dünýä ýüzüniň logistika pudagynyň ösüş ugurlaryna we özgertmelerine yzygiderli eýerýär. Hyzmatlar çygryndaky geçen 2 ýyllyk tejribesinde kärhana halkara ýük daşamalary pudagynda baý tejribe toplap, 9 ýurduň wekilleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.



Şeýle-de okaň: