Turkmenportal logo
06.04.22
74487448
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hazar logistik» ýörite tehnikalary daşamak hyzmatyny ýerine ýetirýär
«Hazar logistik» ýörite tehnikalary daşamak hyzmatyny ýerine ýetirýär

«Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasy gurluşyk çygryna degişli bolan dürli hili ýörite tehnikalary uzak aralyklara daşamak hyzmatyny hödürleýär.


Kärhana awtomobil ýollary we demir ýollar arkaly köp tonnalyk hem-de aşa köp mukdardaky ýükleri, binalary gurmak, ýollary gurmak we ş.m. maksatlar üçin niýetlenen enjamlary daşamak üçin tehniki serişdelere eýedir.


«Hazar logistik» kärhanasynyň uly göwrümli we agyr ýükleri, şeýle-de konteýnerleri daşamaga ýardam edýän ýörite platformalary hem-de agyr ýük ulaglary degişli ýükleri Türkmenistanyň çägine we daşary ýurtlara daşamaga mümkinçilik berýär.


Kärhananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, onuň Türkmenistanyň dürli sebitlerinde şahamçalarynyň hereket etmegidir. Bu babatda ýükleriň üznüksiz daşalmagy alty sany logistika bölümi tarapyndan üpjün edilýär.


Häzirki wagtda «Hazar logistik» kärhanasy Özbegistana, Gazagystana, Eýrana, Owganystana, şeýle-de Hytaýa, Russiýa, Ýewropa hem-de GDA döwletlerine ýükleri daşamak hyzmatyny alyp barýar.



Şeýle-de okaň: